Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Gazagystanyň we Türkmenistanyň wekilleri gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek meýilnamalaryny maslahatlaşdylar
04.04.2024

Gazagystanyň esasy gaz kompaniýasy bolan “NK “QazaqGaz” PJ-niň Müdirýetiniň Başlygy Sanjar Žarkeşow Aşgabada sapar bilen geldi diýip, kompaniýada habar berdiler.

Sişenbe güni, 2-nji aprelde gazak wekiliýetiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow bilen we “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy Maksat Babaýew bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda gaz pudagynda netijeli gatnaşyklary berkitmek meýilnamalaryny maslahatlaşdylar.

Hususan-da, taraplar gaz känlerini bilelikde özleşdirmek, iki ýurduň çäginde gaz geçirijileriniň gurluşygy we özara bähbitli esasda gaz ibermelerini maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar gaz pudagynda strategiki özara gatnaşyklary giňeltmekde hyzmatdaşlyga taýýarlygyny mälim etdiler.

Öň, Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýew Gazagystanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we söwda bähbidi nukdaýnazaryndan elektrik energiýasyny we gaz ibermek boýunça Türkmenistanyň tekliplerine garamaga taýýardygyny mälim etdi.

2023-nji ýylyň noýabr aýynda türkmen halkynyp Milli Lideri Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygynda türkmen gazyny Gazagystana ibermekde ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady.

«QazaqGaz» paýdarlar jemgyýeti magistral gaz geçirijileri we gaz paýlaýjy torlar boýunça harytlyk gazy ibermek boýunça merkezleşdirilen infrastrukturany dolandyrýar, halkara üstaşyr geçirimleri üpjün edýär we içerki hem-de daşarky bazarlarda gaz satmak bilen meşgullanýar. Şeýle hem turba geçirijileri we gaz ammarlaryny işläp taýýarlamak, maliýeleşdirmek, gurmak we ulanmak bilen meşgullanýar.