Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) maý aýyndaky «Sebitleýin ykdysady mümkinçilikler» synynda 2023-2024-nji ýyllardan Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşine çaklamasyny çap etdi.
Şeýlelikde, Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 2023-nji ýylda hakyky aňlatmada 6,5%, 2024-nji ýylda 7% derejede çaklanylýar.
Şol bir wagtda bilermenler 2022-nji ýylda we şu ýylyň birinji çärýeginde 6,2% derejede jemi içerki önümiň ösüşiniň durnukly depgininde ýurduň nebitgaz pudagynyň mynasyp goşandyny belleýärler. Bilermenleriň pikirine görä, bu görkeziji tebigy gazyň meýilleşdirileninden has ýokary önümçiliginiň we eksportynyň hasabyna gazanyldy.
Maý aýyndaky hasabatda dünýäde iň iri gaz känleriň biri bolan «Galkynyş» käniniň möhüm orny bellenilýär. Bu kände täze guýular işe girizilýär, bu bolsa türkmen tebigy gazynyň mundan beýläkki çykarylyşyny we eksportyny giňeldýär.
ÝTÖB ulag ulgamynda Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygynyň ösýän mümkinçiliklerini nygtaýar. Hususan-da, 2022-nji ýylda Türkmenbaşy halkara deňiz portundan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 2,5 esse artdy, bu esasan nebit önümleriniň, himiýa ýükleriniň, gurluşyk harytlarynyň üstaşyr geçirilmeginiň hasabyna gazanyldy.
Bankyň bilermenleriniň bellemegine görä, Hytaý, Eýran, Orta Aziýa, Türkiýe we Günorta Ýewropa bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde Türkmenistan möhüm orun eýeleýär.