«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çärä okuw mekdebiniň ýolbaşçylary, mugallymlary, talyplary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň parahatçylygyň, durnuklylygyň we bitewüligiň nyşany hökmünde ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem olar Konstitusiýanyň ýurduň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekdäki möhüm ornuny bellediler.
Şeýle-de çäräniň dowamynda Türkmenistanyň bilim ulgamynda gazanan üstünliklerine hem-de ýaşlar üçin döwrebap bilim şertleriniň döredilmegine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa bilim ulgamyny goldaýandyklary we ýurtda ýaşlar syýasatyny ösdürýändikleri üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.







