GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda nebit we dokma önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy
20.05.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Türkmenistanyň işewür toprlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-350» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem içerki bazara birinji hilli arassalanan pagta ýagy ýerlenildi.

Daşarky bazarda Gyrgyzystanyň telekeçileri türkmen işewürlerinden nah ýüplügi satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 22 665 000 manada we 855 800 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.