GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda tä­ze ne­sil API SP çal­gy ýag­la­ry­nyň ön­ümçiligi ýola goýuldy
20.05.2026

Türkmenistanda tä­ze ne­sil API SP çal­gy ýag­la­ry­ny ön­dür­ýän kär­ha­na — «Tä­ze se­na­gat» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti — öz işine baş­la­dy.

Önüm­çi­li­gi­ni Ahal we­laýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­byn­da alyp bar­ýan kärhana ýe­ňil we ýük aw­tou­lag­la­ry, gur­lu­şyk hem-de
oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry, ben­zin­li we di­zel­li he­re­ket­len­diri­ji­ler, şeý­le hem se­na­gat en­jam­la­ry üçin ni­ýet­le­nen dür­li
gör­nüş­li çal­gy ýag­la­ry­ny öndürýär. Olar eýýäm ýur­du­my­zyň söw­da no­kat­la­ry­na çy­ka­ryl­dy.

Işin­de döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ýan önüm­çi­lik top­lu­myn­da ula­nyl­ýan bin­ýat­lyk ýag­la­ryň hem ýer­li önüm­ler bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Şeý­le çig mal «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň Türk­men­başy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­dan sa­tyn alyn­ýar. Onuň üs­tü­ni ýe­tir­ýän go­şun­dy­lar­dyr funksio­nal ga­ryn­dy­lar bol­sa da­şa­ry döw­let­ler­den ge­ti­ril­ýär. Şun­da ABŞ-nyň «Exxon­Mo­bil» hem-de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «In­fi­neum», «Royal Dutch Shell» ýa­ly üp­jün edi­ji­le­ri­niň hyz­mat­la­ryn­dan peý­da­la­nyl­ýar.

«Tä­ze se­na­gat» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ýoka­ry hi­li bi­len ta­pa­wut­lan­ýan tä­ze ne­sil API SP çal­gy ýag­la­ry bäs­le­şi­ge ukyp­ly önüm ha­sap­la­nylýar. Ýa­kyn gün­ler­de olar hal­ka­ra ba­za­ryn­da peý­da bo­lar.

Kärhana geljekde önüm­çi­li­gini has-da gi­ňelt­megi, şeýle hem «Green­hill» ha­ryt ny­şa­ny bi­len ön­dü­ril­ýän ýag­la­ryň uly bö­le­gi­ni eks­port etmegi me­ýil­leş­di­r­ýär.