Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Türkmennebit» döwlet konserni nebitgaz guýularyny burawlamakda ulanylýan turba önümleri bilen üpjün ediler
30.03.2024

30-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konsernini zerur bolan enjamlar, şol sanda nebitgaz guýularyny burawlamakda, özleşdirmekde, düýpli abatlamakda ulanylýan turba önümleri bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýangyç-energetika ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, işe innowasion usullary, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn strategiýa amala aşyrylýar. Bu ugurda “Türkmennebit” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň düzümleri tarapyndan ýerine ýetirilýän, şu ýylyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň möhüm wezipedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Türkmennebit» döwlet konsernini nebitgaz guýularyny burawlamak, özleşdirmek hem-de düýpli abatlamak işlerinde ulanylýan turba önümleri bilen üpjün etmek boýunça teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi