«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň düzümindäki «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde şu ýyl hereket edýän guýulardan 173 müň 748 tonna nebit çig maly çykaryldy.
Şunda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň 103 göterime golaý ýokarlandyrylandygyny aýratyn nygtamak gerek.
Hasabat döwründe tutuş konsern boýunça çykarylan «gara altynyň» üçden birine barabarynyň biziň müdirligimize degişlidigine bolsa has hem guwanýarys. Müdirligimiz boýunça hasabat döwründe guýulardan 66 million kub metre barabar tebigy gaz almak baradaky meýilnamanyň 137 göterimden geçirilip berjaý edilendigini hem belläsimiz gelýär.
Häzirki günlerde müdirlige degişli çäklerde täze guýularyň ençemesiniň gazuw işleri ýokary depginde alnyp barylýar.