Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan nebitgaz pudagy boýunça Parižde geçiriljek foruma taýýarlanýar
24.03.2024

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakyndaky» Kararyna laýyklykda, bu forumy 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu forumy guramaçylykly geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurduň ykdysadyýetiniň energetika, gurluşyk we senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga aýratyn üns berler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutany Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda ýurduň maýa goýum taslamalarynyň giňden açylyp görkezilmelidigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.