Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew –müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby çapdan çykdy. Döwlet Baştutany bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýtdy.
Mejlisiň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlaryna ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz Türkmenistanda birnäçe dabaraly çäreleriň üstünlikli geçirilýändigine ünsi çekdi. Ýurtda Milli bahar baýramynyň – Halkara Nowruz gününiň hem dabaraly bellenilip geçilendigi barada aýdyldy.
Döwlet Baştutany türkmen ilinde toýlaryň-toýa ulaşýandygyny belläp, geljek hepdede Änew şäheriniň 2024-nji ýylda "Türki dünýäsiniň medeni paýtagty" diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga beriljekdigini aýtdy. Türki dünýäsiniň medeniýetinde aýratyn orna eýe bolan gadymy Änew topragynda geçiriljek dabaralaryň ýurduň şan-şöhratyny has-da artdyrjakdygy bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow:
--- Taryhda rysgal-bereketli türkmen topragy uly ösüşleri başdan geçiripdir. Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlar halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edipdirler. Hormatly Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan goldaw berdi. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda "Türki dünýäsiniň medeni paýtagty" diýlip yglan edilmegi mynasybetli, «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabymy ýazyp tamamladym. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza sowgat bolar --- diýdi.
Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentini «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutany gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirdi we sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.