Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
23.03.2024

Türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylady. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygy alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Nesilden-nesle geçip gelýän bu däpler häzirki wagtda täze mazmuna eýe bolýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy dialogyň, medeniýetleriň özara gatnaşygynyň, raýdaşlyk hem-de dost-doganlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň aýdyň mysalydyr. Baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny, topragyň hasyllylygyny, abadançylygy alamatlandyrýan bu baýram halklaryň parahatçylyga, döredijilige ymtylmasyny şöhlelendirýär. Şonuň üçin-de, häzirki döwürde Nowruz baýramynyň halkara derejede bellenilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu baradaky degişli Kararnamanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynyň çäginde 2010-njy ýylyň fewralynda biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek.

Nowruz baýramy türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Iň gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri, Watana bolan söýgi halkymyzyň medeniýetiniň binýadyny emele getirýär. Bu asylly ýörelgeleri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragy hem öz şahyrana döredijiliginde wasp edipdir. Täze taryhy döwürde halkymyzyň ynsanperwer, ruhy-ahlak gymmatlyklary ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn içeri we daşary syýasatynyň esasyny düzýär.

Şu gün Milli bahar baýramy mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Bu ýerde “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurduna toýlara beslenip Nowruz gelendir” atly sahnalaşdyrylan aýdym-sazly çykyş ýerine ýetirildi. Milli öwüşgine beslenen bu kompozisiýa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abadançylygyny, gülläp ösüşini, saýlap alan döredijilik ýoly bilen öňe barýan ynamly gadamlaryny alamatlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baýramçylyk mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda nygtaýşy ýaly, galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolan Nowruz halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýetli bolupdyr. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde bu baýram bilen bagly däp-dessurlar giňden berjaý edilipdir. Gündogaryň meşhur akyldarlary Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Abu Reýhan Birunynyň, Omar Haýýamyň, Alyşir Nowaýynyň, Abdyrahman Jamynyň, Firdöwsiniň, Mahmyt Kaşgarlynyň we beýleki nusgawy şahyrlaryň eserlerinde Nowruz baýramynyň taryhy ähmiýeti çuňňur pähim-paýhas bilen beýan edilýär. Nowruz baýramy ynsan kalbynda ýagşy häsiýetleri we hoşniýetli duýgulary terbiýeleýär, tebigata, durmuşa, parahatçylyga söýgi döredýär.

«Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri, sergiler, konsertler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmäge hem goşant goşýar. Goý, Nowruz baýramynda ýerine ýetirilýän joşgunly aýdym-sazlar agzybirligiň hem dost-doganlygyň owazyna öwrülip, hemişe belentden ýaňlansyn!» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi.

Şu gün “Nowruz ýaýlasynda” giňden tutulan türkmen toýunyň şowhunly ýagdaýy emele geldi. Baharyň gelmegi bilen, töweregimizdäki hemme zat gözümiziň alnynda özgerýär, toprak ýaşyl lybasa bürenýär. Bu gözel künjekde türkmen baharynyň gözelligi has aýratyn duýulýar. Tebigatyň gözelligi, Köpetdagyň dag etekleriniň ösümlikleriň we ilkinji gülleriň ysy bilen bark urýan arassa howasy ynsany ruhlandyrýar.

Pederlerimiz daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamagyň asylly ýörelgelerini, tebigata aýawly çemeleşmegiň däplerini döredipdirler we bize miras galdyrypdyrlar. Türkmen halkynyň aňynda berk ornaşan bu ýörelgeler häzirki wagtda täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilendigini bellemek gerek. Munuň özi çuňňur mana eýedir. Çünki Nowruz ynsan bilen tebigatyň berk arabaglanyşygyny alamatlandyrýar. Ýurdumyzda adam eli bilen döredilen tokaý zolaklarynyň çägi ýyl-ýyldan giňeýär, seýilgähleriň we seýilbaglaryň sany köpelýär. Yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Diýarymyzy bagy-bossanlyga büremäge gönükdirilen ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň, alyp barýan giň gerimli işleriniň tutuş halkymyz tarapyndan goldanylýandygyny tassyklaýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna we durmuş ulgamyna öňdebaryjy “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler daşky gurşawy gorap saklamakda, onuň ýagdaýyny gowulandyrmakda, sebit we halkara derejede durnukly ösüşi gazanmakda mynasyp goşantdyr.

Baýramçylyk dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleri, şeýle hem “Nowruznama” kitaby esasynda döredilen çeper kompozisiýalar bilen dowam etdi. Görkezilen folklor-etnografik sahna eserlerinde, artistleriň çykyşlarynda gadymy döwürlerden şu günlere çenli gelip ýeten baýramyň taryhy hem-de däpleri janlandyryldy. Bu ýerde zähmetsöýer halkymyzyň köpasyrlyk ekerançylyk adatlary aýdyň görkezilýär. Oba hojalygynyň ösüşi babatda Türkmenistan dünýä siwilizasiýasynyň iň gadymy ojaklarynyň biri hasaplanýar. Muny geçirilen ylmy barlaglar hem tassyklaýar. Taryhy maglumatlara görä, ýurdumyzyň çäginde ajaýyp oazisler bolupdyr. Ata-babalarymyz diňe bir bugdaý däl, eýsem, gök-bakja ekinlerini, miweli agaçlary-da ösdürip ýetişdiripdirler. Meýdanlary we bakjalary suwarmak üçin suwaryş desgalarynyňdyr ulgamlarynyň dürli görnüşleri ulanylypdyr.

Gadymdan bäri milli ekerançylyk senenamasy tebigatyň pasyllary bilen aýrylmaz arabaglanyşygy saklap gelýär. Bu senenamada möwsümleýin oba hojalyk işleriniň tapgyrlary, ekişe başlamagyň wagty, hasylyň ýetişýän we ýygym möwsümi bellenilipdir. Halkymyzyň ruhy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan, onuň dünýägaraýşyny şöhlelendirýän Nowruz baýramynyň däp-dessurlary hem adamyň zähmeti, oba hojalyk işi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda ata-babalarymyzdan miras galan baý tejribe döwrebap usullar, tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşyp, obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasynyň esasyny düzýär.

Baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýeri bolan “Nowruz ýaýlasynda” bezelen ak öýler dikilip, türkmen obasy ýaýbaňlandyryldy. Onda amaly-haşam sungatynyň we dürli senetleriň ussatlary bilen meşhur bolan halkymyzyň milli däp-dessurlary, ýaşaýyş-durmuşy köpöwüşginli aýratynlyklary bilen şöhlelendirildi.

Türkmen zergärleriniň zehini şaý-sepleriň ajaýyp nusgalaryna siňdirilip, olar taýýarlanylyşynyň inçeligi, nepisligi bilen haýran galdyrýar. Her zergäriň nagyşlarynyň we bezegleriniň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan şaý-sepleri taýýarlamakda öz usullary hem-de syrlary bar. Zergärçilik sungaty, esasan, nesilden-nesle geçipdir. Uzak geçmişde zergärler kümüş bilen altyny gymmat bahaly daşlar bilen sazlaşykly birleşdirmegi öwrenipdirler. Olar diňe bir kämil usullary oýlap tapmak bilen çäklenmän, eýsem, şaý-sepleri ýasamagyň ýokary estetiki we çeperçilik ýörelgelerini-de ösdüripdirler. Şunda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem zergärçilik bilen meşgullanandygyny bellemek gerek.

Türkmen zergärleriniň önümleri, köplenç, diňe bir bejeriş häsiýetine eýe bolman, eýsem, adama abadançylyk getirýär diýip hasaplanýan hakyk daşy bilen bezelýär. Munuň üçin pöwrize daşy hem ulanylypdyr. Gyz-gelinler üçin niýetlenen şaý-sepler milli bezeg önümleriniň arasynda aýratyn orny eýeleýär. Şolar bolmazdan, zenanlaryň milli lybaslaryny göz öňüne getirmek mümkin däldir. Mundan başga-da, gözden-dilden goraýan şaý-sepler, çagalar üçin bezeg önümleri giňden ýaýrandyr. Türkmen zergärleri atlaryň şaý-seplerini ýasamakda-da deňi-taýy bolmadyk ussatlyga ýetipdirler. “Nowruz ýaýlasynda” halk senetçiliginiň ýokary çeperçilik derejesinde ýerine ýetirilen beýleki dürli görnüşleri hem görkezildi.

Bu ýerde nepis türkmen halylarynyň nusgalary we olary dokamagyň nesilden-nesle geçip gelýän özboluşly däpleri bilen tanyşmak bolýar. Türkmen halyçylyk sungaty halkymyzyň ruhy hem maddy medeniýetini şöhlelendirýän beýik sungatdyr. Ol bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar we şöhratlanýar. Türkmen gelin-gyzlarynyň yhlasyndan dörän, elde dokalan sungat eserinde, ony bezeýän göllerde, köpöwüşginli reňk sazlaşygynda ene topragymyzyň tebigatynyň gözelligi, halkymyzyň şöhratly taryhy, üýtgewsiz gymmatlyklary, paýhasly durmuş pelsepesi şekillendirilendir. Ýeri gelende bellesek, göller Watanymyzyň esasy Döwlet nyşanlarynda — tugumyzda we tugramyzda mynasyp orun alandyr. Şeýle-de olar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde binagärlik we dizaýnerçilik çözgütleriniň özboluşly aýratynlygyna öwrüldi.

Şöhratly halkymyzyň döredijilik däplerini aýap saklaýan we olary dowam etdirýän türkmen gelin-gyzlarynyň asyrlarboýy eli çeper keşdeçiler hökmünde tanalýandygyny-da bellemek gerek. Kökleri gadymy döwürlere uzaýan, özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýan keşdeçilik sungaty milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir. Çeper elli gelin-gyzlarymyz asyrlaryň dowamynda bolşy ýaly, häzirki wagtda-da baýramçylyk we gündelik lybaslary, halylary, öý goşlaryny bezeýän ajaýyp gölleri, keşdeleri döredýärler. Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar hem muňa aýdyň göz ýetirdiler.

Türkmen milli halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini nygtamak gerek. Mälim bolşy ýaly, bu abraýly sanawda «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi hem mynasyp orun aldy. Bularyň ählisi milli mirasymyzyň dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilendiginiň aýdyň güwäsidir.

Häzirki wagtda türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyny hem ÝUNESKO-nyň agzalan sanawyna hödürlemek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmen itşynaslary bu gadymy tohumyň arassalygyny saklamak we dünýäde meşhurlygyny artdyrmak babatda uly tagalla edýärler. Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň esaslandyrylmagy, Türkmen alabaýynyň baýramynyň we “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň döredilmegi hem döwletimiziň bu ugurda alnyp barylýan işlere, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Alabaý türkmen halkynyň wepaly dosty we ýoldaşydyr.

...“Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dowam edýär. Ýaňlanýan aýdym-sazlar, joşgunly tanslar ruhuňy göterýär, şatlyk paýlaýar we ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Ýaşajyk artistler hem döredijilik ussatlyklaryny görkezýärler. Nowruzyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de belent hiňňildiklerdir. Hiňňildikde uçmak ruhy taýdan arassalanmak dessury hasaplanýar we elbetde, ilkinji nobatda, ýaşlary özüne çekýär. Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň möhüm bölegi bolan milli tagamlaryň dürli görnüşleri görkezildi. Bugdaýdan taýýarlanylýan semeni Nowruz baýramynyň däp bolan tagamydyr. Milli oýunlar baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Türkmenistanda geçirilýän milli baýramçylyklary ajaýyp ahalteke bedewlerine atlanan ökde çapyksuwarlarsyz göz öňüne getirmek kyndyr. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary hemmeler üçin hakyky sowgat boldy. Bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da meşhurdyr. “Galkynyş” topary köp sanly halkara festiwallaryň baýraklarynyň eýesidir. Onuň daşary ýurtlardaky çykyşlary hem uly üstünliklere eýe boldy. Ahalteke atlarynyň gözelligi, asylly keşbi, syrdamlygy we ýyndamlygy, türkmen ýigitleriniň at çapmakda ussatlygy, ýerine ýetirýän çylşyrymly tilsimleri tomaşaçylarda hemişe aýratyn täsir galdyrýar.

Behişdi bedewleriň mekany bolan Türkmenistanda milli seýisçilik sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, häzirki döwürde onuň gadymy däplerini wagyz etmek hem-de dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň esaslandyrylmagy, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň döredilmegi, her ýylda bedewleriň halkara gözellik bäsleşiginiň geçirilmegi şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda gurlan täze Arkadag şäherinde bolsa Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki açyldy.

Baýramçylyga bagyşlanyp, bu ýerde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onuň dowamynda aýdym-sazlar, tans we halk döredijiligi eserleri, mähriban Watanymyzy, täze taryhy döwrümizi, gazanýan uly üstünliklerimizi wasp edýän çykyşlar ýerine ýetirildi. Halk sazlary, aýdymdyr tanslar döwrebap äheňler bilen sazlaşykly utgaşdy. Munuň özi nesilleriň we döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, türkmen sungatynyň gülläp ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Konsert tamamlansa-da, Ahal ýaýlasyndaky baýramçylyk, şeýle hem tutuş ýurdumyzda dabaralar dowam etdi. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda, Arkadag şäherinde hem geçirildi. Olarda türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasynyň köpöwüşginliligi, ýokary döredijilik ruhy öz beýanyny tapdy.

Müňýyllyklaryň geçendigine garamazdan, ajaýyp Nowruz baýramy häzirki wagtda-da jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, hemmelere şatlyk we ylham paýlamagyny dowam edýär, dost-doganlyga, döredijilikli zähmete, täze üstünliklere çagyrýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi