Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitgazçy talyplar döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri boldular
20.03.2024

Nebitgaz ugrundan bilim alýan talyplaryň ikisi Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan geçirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy: döwrebap hünärmenleri taýýarlamakda okuw we hünär tejribeliginiň orny» atly okuw-usuly maslahatynyň çäklerinde geçirilen edebi-döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri boldular.

Has takygy, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ikinji ýyl talyby Oguldursun Nejimetdinowa «Garaşsyzlyk mukamy» atly goşgular toplumy bilen bäsleşigiň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen böleginiň ýeňijisi boldy.

Şeýle hem «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orat hünär okuw mekdebiniň ikinji ýyl talyby Söhbet Annageldiýew öz goşgular toplumy bilen orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ýeňiji bolmagy başardy.