Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebiti has köp çykarmagyň täri tapyldy
19.03.2024

Týumen industrial uniwersitetiniň geologlar topary Kazan federal uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde islendik ýatakdan, şol sanda «çylşyrymly» hasaplanylýan ýatakdan nebitiň gazylyp alnyşyny artdyrmak üçin täze tehnologiýany işläp düzdüler. Olar agyr nebiti ýeňile öwürmek üçin pes ýygylykly şöhläni peýdalandylar. Munuň özi Ust-Balyk käninde geçirilen tejribe-senagat synaglarynda oňyn netijeleri berdi diýip, «TASS»-a salgylanyp, «ferra.ru» habar berýär.

Bu iki ýokary okuw mekdebiniň geologlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk eýýäm birnäçe ýyl bäri dowam etmek bilen, onuň esasy ugurlary ýokary şepbeşikli nebiti gazyp almagyň netijeliligini ýokarlandyrmak bolup durýar. Olar agyr nebitiň häsiýetnamalaryny üýtgetmek, ony az şepbeşikli etmek üçin elektron-paramagnit rezonansy usulyny ulandylar. Munuň özi dürli ýataklardan onuň gazylyp alnyşyny ýeňilleşdirmeklige ýardam eder. Şeýle hem bu proses nebitiň gatlakdaky hereketini artdyrdy.