Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitindäki ÇYKYŞY
05.11.2023

(Astana şäheri, 2023-nji ýylyň 3-nji noýabry)

Hormatly döwlet Baştutanlary!

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Ilki bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň şu günki ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmaga çakylyk hem-de çäräniň ýokary derejede guralmagy babatda döredilen amatly şertler we myhmansöýerligi üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe çuňňur minnetdarlyk bildirýärin. Şu ýokary derejeli duşuşygyň ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da ösmegine we bu ugurda täze wezipeleri kesgitlemäge ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Bu gün syýasy gatnaşyklar Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň arasynda ýokary derejede alnyp barylýar. Biziň döwletlerimiz birek-birege özara goldaw berip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki abraýly halkara düzümlerde netijeli özara hereketleri amala aşyrýarlar. Şeýle ysnyşykly gatnaşyklar häzirki özboluşly zamanda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Mälim bolşy ýaly, soňky döwürde halkara gatnaşyklar ulgamy öz ösüşiniň kyn döwrüni başdan geçirýär. Dürli künjeklerde, şol sanda biziň ýurtlarymyza ýakyn sebitlerde syýasy-strategik ýagdaýlar ýüze çykýar. Şunuň netijesinde, dünýä jemgyýetçiligi dürli ählumumy wehimlerdir howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk ulgamyna oňaýsyz täsir edýän bu çylşyrymly hadysalardan baş alyp çykmak üçin döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekleri, emele gelen syýasy ýagdaýlara oýlanyşykly baha bermekleri hem-de zerur bolan çözgütleri kabul etmekleri wajyp hasaplanýar. Şol sebäpli, halkara hukuk kadalaryna, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanyp, ýüze çykýan howplara garşy göreşmegiň netijeli gurallaryny döretmek, bilelikdäki hereketleri ýola goýmak, anyk çemeleşmeleridir meýilnamalary işläp taýýarlamak zerur bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi baradaky garaýyşlardan ugur almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Türkmen tarapy bu başlangyjyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin şu aşakdaky üç ýörelgäni peýdalanmagy maksadalaýyk hasaplaýar:

birinjiden, dawaly ýagdaýlara, hususan-da, ýüze çykyp başlan tapgyrynda, olara ýol bermezlik üçin öňüni alyş diplomatiýasyny ulanmak;

ikinjiden, Bitaraplyk guralynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak;

üçünjiden, ynanyşmaga esaslanýan dialog medeniýetini dikeltmek.

Biz agzalan strategiýanyň özara düşünişmäge we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran gaýragoýulmasyz meseleleriň çözülmegine, galyberse-de, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga ýardam berjekdigine ynanýarys. Şol sebäpli, Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginde öňe süren bu wajyp başlangyjyny iş ýüzünde amala aşyrmakda goldaw berjekdiklerine berk ynanýaryn.

Hormatly Rejep Taýyp Ärdoganyň belläp geçişi ýaly, adamzadyň taryhy urşuň utan ýeriniň ýokdugyny tassyklaýar. Atylan ok yzyna gaýtmaýar, ol çagamy ýa esgermi, saýgaryp durmaýar. Şunuň bilen baglylykda, doganlyk Bitarap Türkmenistan Rejep Taýyp Ärdoganyň ynsanperwer başlangyjyny goldamaga taýýardyr.

Gatnaşyklarymyzyň halkara ölçegleri barada aýtmak bilen, halkara guramalaryň çäklerinde özara hereketleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlarynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmek baradaky teklibi öňe sürýäris.

Söwda-ykdysady ugur babatda Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýar. Şunda, ilkinji nobatda, döwletlerimizi birleşdirýän ykdysady ugurlary görkezmek zerurdyr. Olar ulag, energetika, söwda, önümçilik kooperasiýasy we beýleki pudaklary öz içine alýar. Umuman, türki döwletleriň eýe bolan ykdysady mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda doly derejede, netijeli işe girizmegi, dünýä ösüşiniň esasy ugurlary bilen sazlaşykly alyp barmagy zerur hasaplaýarys.

Ulag we logistika ulgamy biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynda wajyp orun eýeleýär.

Bilşiňiz ýaly, häzirki ählumumy durnuksyzlyk ýagdaýynda döwletlerimiziň arasynda we olaryň çäklerinden daşarda giňden ýaýran hem-de döwrebap üstaşyr ulag, logistika ulgamyny döretmek wezipesi esasy meseleleriň biri bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistan soňky ýyllarda Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän birnäçe iri üpjünçilik ulgamynyň taslamalaryny öňe sürdi. Olara Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlar hem işjeň gatnaşýarlar.

Has takyk bellesek, 2017-nji ýylda Aşgabatda gol çekilen degişli ylalaşyga laýyklykda, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça ulag geçelgesi döredildi. Häzirki wagtda bu ulag ýoluny doly güýjünde işe girizmek babatda tagalla edilýär. Şeýle hem 2019-njy ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgesi döredildi we degişli köptaraplaýyn resminama gol çekildi. Mundan başga-da, häzirki döwürde Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ugry boýunça Hazar deňzine çykjak, soňra bolsa Azerbaýjana we Türkiýä uzajak ulag geçelgesini döretmek babatda hem işler alnyp barylýar.

Diňe ýokarda görkezilen käbir mysallar türki döwletleriň gatnaşmagynda döredilýän Hazarüsti ulag geçelgeleriniň zerurlygyny we netijeliligini aýdyň görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, üstaşyr ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek üçin Türkmenistanyň logistika hem-de üpjünçilik ulgamynyň mümkinçiliklerini ulanmagy teklip edýärin.

Ýene bir möhüm ugur hökmünde energetika ulgamyny görkezmek bolar.

Türkmenistan baý nebitgaz gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa göterijileriniň dünýä bazaryna ygtybarly we howpsuz ýagdaýda iberilmegi baradaky syýasaty alyp barýar. Ylaýta-da, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň goňşy ýurtlara, sebitiň döwletlerine iberilmegi babatda işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine girýän ýurtlar bilen ysnyşykly gatnaşyklar alnyp barylýar. Mysal hökmünde aýtsak, häzirki wagtda Türkmenistan goňşy we doganlyk ýurtlar bolan Özbegistana, Azerbaýjana öz tebigy gazyny iberýär. Şol bir wagtyň özünde, türkmen tebigy gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana, Türkiýä we geljekde dünýä bazarlaryna çykarmak üçin mümkinçiliklerimiz bar. Bu babatda ýakyn wagtda biziň doganlyk ýurtlarymyz bilen ähli zerur bolan meseleleri çözüp, degişli işleri amala aşyrjakdygymyza berk ynanýaryn.

Şeýle hem elektrik energetikasy barada aýdylanda, bu gün Türkmenistan goňşy doganlyk ýurtlar bolan Özbegistana we Gyrgyzystana öz elektrik energiýasyny iberýär. Bu pudak boýunça biz öňümizdäki döwürde elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen doganlyk Azerbaýjana, Türkiýä hem iberip bileris. Ýeri gelende aýtsam, hut şu günüň özünde Hazar deňziniň türkmen kenarynda, Türkmenbaşy şäheriniň ýanynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň düýbi tutuldy.

Umuman, durmuşa geçirilýän bilelikdäki işleri güýçlendirmek we hukuk taýdan berkitmek maksady bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine gatnaşýan ýurtlar tarapyndan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça “Ýol kartasynyň” taýýarlanylmagyny maksadalaýyk hasaplaýaryn.

Taryhy, medeniýeti, dili we däp-dessurlary birmeňzeş bolan türki döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň köpugurly hyzmatdaşlygymyzyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigini bellemek isleýärin. Bu ulgamda amala aşyrylýan özara ysnyşykly hereketler dost-doganlygyň, birek-birege hormat goýmagyň, özara ynanyşmagyň, goldaw bermegiň esasynda ulgamlaýyn ösdürilýär. Medeniýet, sungat, ylym-bilim we sport babatda hyzmatdaşlygyň berkidilmegi netijesinde ýurtlarymyzyňdyr halklarymyzyň özara ýakynlaşmagyna oňyn şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn medeni çäreleri ýygy-ýygydan geçirmegi, hususan-da, Türki döwletleriň bilelikdäki Medeniýet gününi guramagy teklip edýärin.

Şol bir wagtda, Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde gatnaşyklarymyz ýokary derejede dowam etdirilýär. TÜRKSOÝ-nyň medeni-ynsanperwer ugurda möhüm işleri alyp barýandygyny nygtamak bilen, onuň çäklerinde bilelikde geçirilýän çäreleriň giňeldilmegini maksadalaýyk hasaplaýaryn. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda belleniljek meşhur türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi hem-de Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejede birnäçe çäreleri geçirmegi meýilleşdirýäris. Biz bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga, hususan-da, türki halklar bilen bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýäris. Mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi öňümizdäki ýylda ýurdumyzda geçiriljek dabaralara gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýaryn.

Şeýle hem biz ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan işleri has-da berkitmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Hususan-da, ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, öňdebaryjy ylmy merkezleriň arasyndaky gatnaşyklary depginli ösdürmegi teklip edýärin.

Şu günki sammitiň örän ähmiýetli waka bolmak bilen, türki dilli döwletleriň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine berk ynanýaryn. Sözümiň ahyrynda siziň ähliňize jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, doganlyk halklarymyza bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.