Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady.
"Siziň baştutanlygyňyzda eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmäge, raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmäge uly ýardam berýär, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerligi has-da pugtalandyrýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin sport çäreleriniň, dürli sport bäsleşikleriniň, welosipedli ýörişleriň guralmagy, şeýle hem saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda ýetilen sepgitler Siziň halkymyzy sagdyn durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan beýik işleriňiziň aýdyň mysallarydyr" - diýip, Gahryman Arkadagymyzyň Gutlag Hatynda aýdylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen beýik ösüşlere beslenýän zamanamyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde amala aşyrylýan maksatnamalar, ylmy-nazary başlangyçlar, lukmançylyk diplomatiýasynyň ilerledilmegi ýurdumyzda halkyň saglygyny goramaga döwletiň iň gymmatly baýlygynyň goralmagy hökmünde garalýandygynyň aýdyň güwäsidigini belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen Döwletiniň Baştutanyna Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan işlere we gazanylýan üstünliklere dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berilýän ýokary bahanyň nyşanydygyny aýratyn nygtady.
"Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, başyňyz dik, mertebäňiz belent, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan beýik işleriňiz hemişe rowaç bolsun! Parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, sporty dünýä ýüzünde dabaralandyrýan Bitarap döwletimiziň şan-şöhraty dowamat-dowam bolsun!" - diýip, Gahryman Arkadagymyz Gutlag Hatynyň soňunda aýtdy.







