4-nji aprelde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda 2026-njy ýylyň ilkinji üç aýynda pudagyň alyp baran işleriniň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Şeýle hem hasabat ýygnagynda 3-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çäräni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow açdy. Wise-premýer döwlet Baştutanynyň nebitgaz pudagynyň işgärlerine uly ynam bildirýändigini hem-de toplumy kämilleşdirmek we onuň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin ähli şertleri döredýändigini nygtady.
Ýygnagyň dowamynda nebitgaz toplumyna girýän düzümleriň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Olar nebiti we tebigy gazy çykarmak, şol sanda täze ýataklary gözlemek we özleşdirmek, eksport möçberlerini artdyrmak hem-de önümçilik kuwwatlyklarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdiler. Şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan iri taslamalar, nebitgaz pudagyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy baradaky maglumatlar aýdyldy.
Ýygnagyň dowamynda «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistanyň gaz geçirijisiniň Serhetabat–Hyrat esasy böleginiň gurluşygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berilmegi milli ýangyç-energetika pudagyny täze derejä çykarýan busandyryjy wakadyr.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Guwanç Agajanow «Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: Gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygy» atly ylmy-amaly maslahatyna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary şeýle hem «Türkmennebit», «Türkmengaz», döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi hem-de pudagyň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmekde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini netijeli çözmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.







