Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýş ýaly, Bütindünýä saglyk güni jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş, medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň abraýyny dünýä ýaýýar.
Serdar Berdimuhamedow gysga döwrüň içinde Türkmenistanda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlaryň, stadionlaryň, sport mekdepleriň, Olimpiýa şäherçesiniň gurlup, döwrebap sport düzümleriniň döredilendigini belledi. Şonuň bilen birlikde, türkmen halkynyň abadan durmuşynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezlerini, ýöriteleşdirilen hassahanalary, şypahanalary gurup, uly ösüşler gazanyldy.
Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran bitewi, dowamly hem-de strategik döwlet syýasaty esasynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnama, şeýle hem «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi, Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanyldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň ählumumy ösüşiň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň oňyn netijesidir.
"Goý, bu ajaýyp halkara baýram sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi şan-şöhrata beslesin, merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýsyn!", - diýp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz Gutlagynda aýtdy we türkmen halkyna berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw etdi.







