Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda 2026-njy ýylyň aprel aýynda matematika, himiýa, informatika dersleri boýunça olimpiadalary geçirýär.
Zehin bäsleşikleri iki tapgyrda geçiriler:
olimpiadalaryň birinji tapgyry 2026-njy ýylyň 9-11-nji apreli aralygynda onlaýn görnüşinde, ikinji tapgyry bolsa 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçiriler.
Gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylar baradaky maglumatlar nusga laýyklykda 2026-njy ýylyň 4-nji apreline çenli olimpiadalaryň guramaçylyk toparlarynyň elektron salgylaryna ugradylmaly. Olimpiadalara gatnaşyjylaryň sany çäklendirilmeýär.
Olimpiadanyň jemleýji tapgyryna gatnaşan okuwçylaryň gazanan ballarynyň esasynda olaryň şahsy orunlary kesgitlenilýär. Bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanylar.
Guramaçylyk toparynyň çözgüdi esasynda olimpiadanyň ýeňijilerinden has ýokary netije gazananlaryna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuwyny dowam etdirmäge ýeňillikler döredilýär.
Habarlaşmak üçin:
Matematika dersi boýunça:
Telefon: +993 12-39-14-09, +993 65-53-20-86, +993 65-57-57-56 .
Email: hngu.matematika.olimp@gmail.com
Himiýa dersi boýunça:
Telefon: +993 12-39-14-77, +993 65-63-01-17, +993 62-06-61-88.
Email: hnguhtef.olimp@gmail.com
Informatika dersi boýunça:
Telefon: +993 12-39-14-78, +993 61-99-98-99, +993 65-04-15-94.
Email: imthngu@gmail.com







