Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk güni mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz gutlagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleri bolmak bilen döredijilik bäsleşiginiň ýaş gatnaşyjylarynyň Şükür bagşy, Amangeldi Gönübek, Kel bagşy, Mylly Täçmyradow, Magtymguly Garlyýew, Mustak Aýmedow, Ödenyýaz Nobatow, Sahy Jepbarow, Nurberdi Gulow ýaly nusgawy bagşy-sazandalarymyzyň milli aýdym-saz sungatyndaky däplerini dowam etdirip, jana tenekar aýdym-sazlary bilen eziz Watanymyza, Garaşsyzlygymyza we Bitaraplygymyza bolan milli buýsanjymyzy, beýik döwrümiziň şanly ösüşlerini, watansöýüjiligimizi we ynsanperwerligimizi dabaralandyrmaklary halkymyzy uly ösüşlere ruhlandyrýandygyny, täze belent sepgitlere atarýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň bagtyýar körpelerimizde sungat älemine söýgini döretmek, zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak bilen birlikde, milli aýdym-saz sungatymyzyň nesilden-nesle geçip, dowamat-dowam bolmagyny üpjün edýändigini nygtady.
Gutlagda şeýle-de Türkmenistanda ýaş nesillerimiziň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy, zehin-başarnyklaryny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp bilimler dünýäsine ilkinji gadamyny basan körpelerimize «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriniň gowşurylmagy, täze orta mekdeplerdir çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösýändigine hem-de bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döredijilik bäsleşiginiň ýaş gatnaşyjylarynyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, çaga kalplarynda beslän päk arzuwlarynyň hasyl bolmagyny, berkarar Watanymyzyň, eziz halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermeklerini arzuw etdi.







