GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
08.09.2026

7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitlerde pagta ýygymyna başlamak boýunça geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatlarda bugdaý ekişine guramaçylykly girişilip, bu jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin degişli çäreler görülýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilip, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohum bilen doly üpjün etmek babatda degişli işler dowam edýär. Güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şeýle-de häkimler ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, welaýatlarda şu ýylyň 9-njy sentýabrynda pagta ýygymyna başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde, netijeli işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen ýerlerinde bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda pagta ýygymyna başlamak boýunça geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý ekişinde oba hojalyk tehnikalaryny we ekiji gurallary doly güýjünde, netijeli işletmegiň, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmegiň, gowaça meýdanlarynda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işleri talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere ünsi çekip, welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şala ideg etmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryna ideg etmek işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýatlarda bugdaý hem-de pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmek, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.