Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmekde, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde we halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny hem-de Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge we ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. «Ýurtlarymyzyň syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hereketlerini üstünlikli utgaşdyrýandygyny bellemek guwandyryjydyr» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hatynda belledi hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.







