GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygyna gutlag iberdi
09.09.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna ýurduň milli baýramy — Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutany Kim Çen Yna tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ýurduň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.