GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda ýangyç-energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi
08.09.2026

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 6-njy sentýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» syýasy partiýalaryň dialogyna gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekili çykyş edip, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň sebit ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, ulag we ýangyç-energetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.

Çykyşda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýandygy, onuň sebit döwletleri we Hytaý Halk Respublikasy bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi nygtaldy. Türkmenistanyň wekili ýurdumyzyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyna sebitara ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmegiň, ýangyç-energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň möhüm guraly hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Dialogyň esasy maksady döwlet Baştutanlarynyň derejesinde gazanylan ylalaşyklary syýasy-jemgyýetçilik we kanunçylyk taýdan berkitmekden, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki strategik hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat boldy. «Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde syýasy partiýalaryň orny» atly tema boýunça geçirilen duşuşykda gatnaşyjylar syýasy partiýalaryň köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmekde, tejribe alyşmakda we sebitde durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler.