Ýakyn ýyllarda dünýä energetika ulgamynda Türkmenistanyň orny görnetin pugtalanar. Bu pikir Aşgabatda dowam edýän «Türkmenistanyň nebit we gazy — 2023» (OGT-2023) halkara maslahatynyň umumy mejlisinde bilermenler tarapyndan beýan edildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Aziýanyň energetika bazarynda esasy orun eýeleýändigi we tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýar. Geljege nazar aýlap, ýakyn on ýylda türkmen gaz gorlaryna islegiň artjakdygyna ynanýarys» diýip, «Baker Hughes» kompaniýasynyň prezidentiniň Hazar sebiti boýunça orunbasary Ýelena Akolsewa aýdýar.
Bellenilişi ýaly, bu aýdylanlar birnäçe faktorlara bagly bolup durýar. Olaryň hatarynda barha köpelýän energiýa çeşmelerini sarp edýän dünýä ilatynyň köpelmegini, şeýle hem köp ýurtlaryň ekologiýa taýdan arassa gazyň bähbidine kömrüň ulanylmagyny azaltmak islegini görkezmek bolar.
«Nebitiň we tebigy gazyň öndürilmegi uzak wagtlap zerur bolar. Halkara Energetika Guramasynyň habaryna görä, häzirki wagtda dünýäde günde bary-ýogy 104 million barrelden gowrak nebit öndürilýär. 2040-njy ýyla çenli bu görkeziji, takmynan, 15 göterim artar we takmynan, 120 million barrele barabar bolar» diýip, Nebitçi-inženerler jemgyýetiniň prezidenti Medhat M. Kamal halkara forumyň barşynda aýtdy.
Ägirt uly tebigy gaz ätiýaçlyklary sebäpli Türkmenistan ýakyn onýyllyklarda dünýä bazaryna energetika çeşmelerini esasy üpjün edijilerden biri bolmak üçin ähli mümkinçilikleri döredýär diýip, energiýa pudagynyň öňdebaryjy hünärmenleri Aşgabatda geçirilen halkara maslahatda bellediler.
Ösýän islegi kanagatlandyrmak üçin Türkmenistan gaz öndüriş we ulag infrastrukturasyny işjeň ýagdaýda döwrebaplaşdyrýar. Täze eksport gaz turbalarynyň gurluşygy üçin uly göwrümli taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu Hytaýa, Hindistana we beýleki ýurtlara gaz üpjünçiligini artdyrmaga mümkinçilik berer.