GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan we Owganystan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar
27.01.2026

Türkmenistan we Owganystan Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu mesele Türkmenistanyň Owganystanda ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystanyň dag magdan we nebit ministri Hidaýatulla Badri bilen bolan duşuşygynda esasy meselelerden biri boldy.

Öwezow taslamanyň durmuşa geçirilişiniň häzirki tapgyry we mundan beýläk alnyp barjak işleriň meýilnamalary barada gürrüň berdi.

Taraplar şu ýylyň ahyryna çenli gaz geçirijisiniň Herat şäherine çenli gurlup tamamlanjakdygyna umyt bildirdiler.

TOPH gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy takmynan 1814 kilometre deňdir: 214 kilometri Türkmenistanyň çäginden, 774 kilometri Owganystanyň çäginden, 826 kilometre Pakistanyň çäginden Hindistan bilen serhedine çenli geçer.

2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Gahryman Arkadagymyz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda "Arkadagyň ak ýoly" diýlip atlandyrylýan Serhetabat–Herat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň dabaraly açylyş dabarasy boldy.

Taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde her ýyl Ow­ga­nys­ta­na 1 milliard amerikan dollaryndan gow­rak, Pa­kis­ta­na 200 — 250 million amerikan dollaryna barabar serişdeler geler. Bu bolsa ýurtlaryň strategik ähmiýetli maksatlaryny amala aşyrmaga uly ýardam berer.

Türkmenistan diňe öz çäginde däl, eýsem, iberiji ýurtlarda hem ekologiýa howpsuzlygynyň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar. Meselem, Pakistan we Hindistan häzirki wagtda köp mukdarda kömür we nebit önümlerini ulanýarlar. Tebigy gazyň iberilmegi bu ýangyçlary ulanmak zerurlygyny aradan aýrar ýa-da azaldar we şäherlerde howanyň arassalanmagyna kömek eder.

Mundan başga-da, TOPH tas­la­ma­sy­nyň gur­lu­şygynda sanly ulgamyň soňky gazananla­ry do­ly ula­nyl­ýar. Oňa gö­zeg­çilik edýän SCADA ulgamy turbageçirijiniň islendik ýerinde ujypsyzja gazyň syzmagy ýa-da basyşyň peselmegi ýüze çyksa, awtomatik usulda gazy kesýär we ekologiýa zeper ýetmeginiň öňüni alýar. Çekilýän turbalar daşyndan, içinden ýörite gorag serişdeleri bilen örtülýär. Bu bolsa onuň poslamagynyň öňüni alar. Mundan başga-da, gurluşyk-gurnama işleriniň geçirilýän döwründe derýalaryň, ýerasty suwlaryň hapalanmazlygy üçin ýörite gorag tehnologiýalary ulanylýar, ösümlik, haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygyny saklamaklyga berk gözegçilik edilýär.