14-nji martda Aşgabatdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz agzaçar sadakasyny berdiler. Oňa ýurdumyzyň müftüsi, ähli welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular, dili senaly eneler, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Munuň özi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň mübärek Oraza aýynyň mukaddes Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda amal edilýän sogap işleriň üstüni ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasynyň berilýän ýerine geldiler.
...Hajy Arkadagymyz agzaçar sadakasyna gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Diýarymyzda milli däp-dessurlarymyzy berjaý etmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini, raýatlarymyzyň mukaddes ýerlere zyýarat edip, metjitlere baryp, doga-dilegleri edýändiklerini nygtady we şu gün hem halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däbine eýerilip, Remezan aýynda agzaçar sadakasyna jemlenilendigini belledi.
Milli Liderimiz çykyşyny tamamlandan soňra, Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Ol hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň beren agzaçar sadakasynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi. Tebärek çykylandan soňra, sadaka gatnaşyjylara dürli tagamlar çekildi.
...Agzaçar sadakasynda dürli tagamlardan dadylandan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady.
Hajy Arkadagymyz agzaçar sadakasyna gatnaşandyklary üçin hemmelere sagbolsun aýtdy we halkymyzyň hemişe abadan durmuşda ýaşamagyny arzuwlap edilen doga-dilegleriň, okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi.
“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda hajy Arkadagymyzyň we Arkadagly hajy Serdarymyzyň beren agzaçar sadakasy pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine nesilleriň mizemez arabaglanyşygynyň üpjün edilýändiginiň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi.







