GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Geçen hepde birža söwdalarynda nebit önümleri içerki we daşarky bazarlarda satyn alyndy
16.03.2026

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerine uly isleg bildirildi.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-180» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Daşarky bazarda «SN-350» kysymly başlangyç ýagy ýerlenildi. Ony Gruziýanyň işewürleri satyn aldylar.

«TPP D 30 S» we «TPP Z 30 G» kysymly polipropilene içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirildi. Şeýle önümler Türkiýe Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri tarapyndan satyn alyndy.

Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygyna, dokma önümlerine we tehniki kükürde isleg bildirildi. Daşarky bazarda kreton matany, nah ýüplügi, regenirlenen süýümi, ýuwlan garaköli tokly ýüňüni satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Dokma önümlerine we birinji hilli bugdaý ununa içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirildi.