Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Geologiýa gözlegden önümçilige çenli: nebit-gaz senagatynda sanly tehnologiýalaryň orny» atly tema boýunça "tegelek stoluň" başynda ylmy-seminar duşuşygy geçirildi. Çäre häzirki zaman sanly tehnologiýalarynyň nebit-gaz pudagyndaky orny we olaryň bu pudakda netijeli peýdalanylmagy ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen guraldy.
Çykyş edenler seýsmiki maglumatlary emeli aňyň kömegi bilen çalt we takyk seljermek, geologiki modelleri döretmekde maşyn öwreniş usullarynyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler. Şeýle hem emeli aňy buraw işlerine ornaşdyrmak meselelerine seredildi. Hususan-da, buraw işlerinde näbelli şertlerde hem ýokary netijelilik bilen işläp biljek emeli aň ulgamlarynyň döredilmegi, şeýle hem burawlamagyň mehaniki tizligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýalar barada maglumatlar berildi.
Seminaryň dowamynda özara pikir alyşmalar bolup, teklipler we täze ylmy çemeleşmeler paýlaşyldy. Bu bolsa gatnaşyjylara häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik berdi.







