GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda içerki bazarda nebit önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy
16.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 14-nji martda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen «SN-180» kysymly başlangyç ýagy ýerlenildi.

Şeýle hem içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda tehniki kükürdi satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) we Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri türkmen telekeçileri bilen birinji hilli bugdaý ununy we ýuwlan garaköli tokly ýüňüni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 107 458 600 manada we 1 317 910 ABŞ dollaryna deň bolan 14 geleşik baglaşyldy.