
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 15-nji sentýabrda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edildi.
Duşuşykda Katar Döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň salamyny we çuňňur hormaty baradaky sözlerini ýetirmegi haýyş etdi. Şeýh häzirki ýeňil bolmadyk döwürde Kataryň halkyna we döwletine berýän goldawy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem, ol iki ýurduň we halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtamak bilen, Türkmenistanyň we Kataryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdi.