
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwerlik kömegini bermek hakynda buýruga gol çekdi. TDH döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, bu ýük ýurduň ýaşaýjylaryna, esasanam ýer titremesinden ejir çeken çagalara niýetlenendir.
Kömek Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek boýunça haýyr-sahawat fondunyň adyndan iberildi. Ynsanperwerlik ýüküniň düzümine derman serişdeleri, azyk önümleri, dokma önümleri we beýleki ilkinji zerur harytlar girýär.
Döwlet Baştutanynyň bu karary, ynsan pidalaryna we weýrançylyklara sebäp bolan tebigy betbagtçylygyň netijelerinden ejir çekýän goňşy döwletiň halkyna goldaw we raýdaşlyk bildirmek islegi bilen baglanyşyklydyr.
Dostluk we goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan, agyr pursatlarda goňşularyna kömek etmegi, esasanam alada mätäç çagalara goldaw bermegi öz borjy hasaplaýar. Bu hereket iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň nobatdaky subutnamasydyr. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem bütin dünýäniň çagalaryna goldaw berýändigini bellemelidiris.
Türkmenistandan ynsanperwerlik kömegi «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň ýörite ýük uçary bilen 5-nji sentýabrda Owganystana geldi.
Kabuldaky aeroportda Aşgabatdan gelen ynsanperwerlik kömegini kabul etmek dabarasy mähirli ýagdaýda geçdi. Owgan tarapynyň wekilleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman-Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowa we Prezident Serdar Berdimuhamedowa Owgan halkyna yzygiderli berýän kömegi we goldawy üçin minnetdarlyk bildirdiler.