Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan Bled strategiki forumynyň ýyl dönümine gatnaşdy
04.09.2025

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 1–2-nji sentýabrynda Bledde (Sloweniýa) geçirilen Bled strategiki forumynyň işine gatnaşdy. Türkmen wekiliýeti bu halkara çekişme platformasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Forumyň çäklerinde Bäşimowa Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi we ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylan «The Centrality of Central Asia» atly tegelek stol maslahatynda çykyş etdi.

Ministriň orunbasary öz çykyşynda Türkmenistanyň alyp barýan hemişelik bitaraplyk syýasatynyň ynanyşmagyň we dialogyň guraly hökmündäki ähmiýetini, şeýle hem ýurdumyzyň Ýewraziýada ulag we energetika baglanyşygyny ösdürmekdäki, şol sanda Hazarüsti ulag geçelgesine we “ýaşyl” energetika boýunça başlangyçlara gatnaşmakdaky ornuny belledi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi