Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň we Hytaýyň baştutanlary dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar
03.09.2025

Pekinde 2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda ýygnak geçirildi.

Hytaýyň ýolbaşçysy “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky sammitiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, onuň netijeleri boýunça bilelikdäki işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Başlyk Si Szinpin hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki işleriň möhüm ähmiýetini belläp, HHR-iň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny, Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini goldaýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Hytaýa gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Si Szinpini ŞHG-niň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi we Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady hem-de oňa Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň baştutany gaz pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugrudyr diýip aýtdy. 15 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi türkmen-hytaý ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Häzirki günde ýurtlarymyz gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň üstünde işleýärler we bu babatda anyk netijeler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz iri “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça geçirilen halkara bäsleşikde hytaý tarapynyň ýeňiji bolandygyny aýtdy we Başlyk Si Szinpini bu waka bilen gutlady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gaz hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri hakynda Baş ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny aýtdy we geljekde bu hyzmatdaşlygyň Baş ylalaşykdaky ýörelgeler esasynda ösdüriljekdigini nygtady.

Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi” diýip, Başlyk Si Szinpini bu waka hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.

HHR-iň Başlygy çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine hormat goýýandygyny we onuň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyny goldaýandygyny aýtdy.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti