Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan we Türkiýe sebitara hyzmatdaşlygy giňeldýär
03.09.2025

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Erzurum welaýatynyň häkimi Mehmet Sekmeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar oba hojalyk, senagat, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ugurlaryny öz içine alýan sebitara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Maldarçylyk pudagynda sebitara işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge hem aýratyn üns berildi.

Şeýle-de, duşuşykda iki ýurduň telekeçilik edaralarynyň arasynda ygtybarly gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyň mümkinçiliklerine seredildi. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýetleriniň bäsdeşlik artykmaçlyklarynyň esasynda öňe sürlen mümkinçilikleri uly bolan ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipler öňe sürüldi.

Mundan başga-da, türkmen diplomatlary Erzurum şäherinde geçirilýän oba hojalyk we maldarçylyk boýunça halkara serginiň işine gatnaşdylar.

Erzurum şäherinde geçirilýän halkara sergi Türkiýäniň iň uly sergisi we Ýewropanyň öňdebaryjy sergileriniň biri bolup, ol oba hojalyk we maldarçylyk pudagynda gatnaşyklary ýola goýmak, tejribe alyşmak hem-de soňky innowasiýalary öwrenmek üçin örän wajyp çäre hasaplanylýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi