
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan doganlyk gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar» diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda belledi hem-de türkmen-gyrgyz döwletara gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalar netijesinde geljekde-de iki halkyň bähbidine giňeldiljekdigine we berkidiljekdigine berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gyrgyz Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti