Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanda bugdaý ekiş 3-nji sentýabrda başlar
01.09.2025

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew 29-njy awgustda Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşdy. Wise-premýer bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda 3-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berip, hormatly ýaşululardan bugdaý ekişine “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Prezident munuň daýhanlar üçin möhüm we jogapkärli pursatdygyny belläp, agronomiki möhletde guramaçylykly ekişiň zerurdygyny aýtdy.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti