Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
BMG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi
28.08.2025

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hat iberip, 2025-nji ýylyň 5 — 8-nji awgustynda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek baradaky başlangyjy üçin hoşallygyny bildirdi.

“Ýurduňyzyň parahatçylyk we köptaraplaýyn dialog ýörelgelerine ozaldan gelýän ygrarlylygy maslahaty geçirmek üçin oňyn esaslary döretdi. Dünýäniň çar künjeginden gatnaşyjylary, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlaryny, raýat jemgyýetini, ýaşlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini umumy gün tertibiniň daşyna birleşdirmek boýunça eden tagallalaryňyza ýokary baha berýärin. Bu çäre deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere durnukly we inklýuziw ösüşi gazanmaga mümkinçilik bermek üçin milli hereketleri, sebit hyzmatdaşlygyny, ählumumy syýasy tagallalary özara ylalaşmakda möhüm orny eýeledi.

Awaza syýasy Jarnamasy we Hereketleriň Awaza maksatnamasy Geljegiň bähbidine pakt hem-de durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi bilen baglanyşykly bolup, geljek on ýyl üçin hereketleriň meýilnamasydyr. Bu borçnamalar söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge, düzümleýin özgertmelere, ulag arabaglanyşygyna, tehnologiýalara, howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmaga we halkara goldawy herekete getirmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işini çaltlandyrar”, - diýip, baş sekretar ýazdy.

“Şeýle hem maňa we meniň wekiliýetime bildirilen myhmansöýerlik üçin Size hem-de Türkmenistanyň halkyna çuňňur hoşallygymy beýan edýärin. Hereketleriň Awaza maksatnamasyny doly we netijeli durmuşa geçirmek işinde Siziň bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn”, - diýip Antoniu Guterriş belläp geçdi.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti