
Aşgabatda 25-nji awgustda Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Pakistan tarapyna bolsa ýurdyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar Aziýa we Owganystan boýunça goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillani ýolbaşçylyk etdi.
Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy faktorynyň iň ýokary syýasy derejede yzygiderli gepleşikdigini tassykladylar.
Türkmenistan bilen Päkistanyň parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, şeýle hem halkara we sebit gurluşlarynyň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy bellendi.
Taraplar Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça işiniň ähmiýetini nygtadylar we indiki ýygnagy ýakyn wagtda geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.
Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny gowulandyrmagyň ýollary we energiýa we ulag pudaklarynda bilelikdäki taslamalary öňe sürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan, diplomatlar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TAPI) transmilli gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.