Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan bilen Özbegistan saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
25.08.2025

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şadurdy Meredow 22-nji awgustda ýurdyň Saglygy goraýyş ministri Asilbek Hudaýarow bilen duşuşdy.

Taraplar hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri, hususan-da saglygy goraýyş, farmasewtika, lukmançylyk bilimi we ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmak ýaly meseleler ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Arkadag şäherinde dürli lukmançylyk önümlerini öndürmek ugrunda ylmy işleri alyp barmaga we öndürmäge gönükdirilen iri lukmançylyk klasterini döretmek boýunça işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny belledi.

Mundan başga-da, türkmen tarapy “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň işi we kärhana tarapyndan öndürilýän halkara hil standartlaryna laýyk gelýän gündelik talap edilýän lukmançylyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi