
Aşgabatda 21 awgustda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Çäräni Türkmen Expo we Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy gurady. Bu sergi çagalaryň harytlary we hyzmatlary pudagynda öňdebaryjy kompaniýalar we markalar üçin esasy platforma boldy.
Bu ýyl sergä çagalar üçin önümler, bilim tehnologiýalary we güýmenje taslamalary bilen 20-den gowrak ýurtdan öndürijiler we üpjün edijiler gatnaşýarlar.
Forum, işewür hyzmatdaşlygy giňeltmegi, maýa goýumlaryny çekmegi we sebit bazaryndaky orunlary berkitmegi maksat edinýär.
Bu ýyl Kids Expo çagalaryň hem, ulularyňam gyzykly bolmagyny üpjün etjek köp sanly güýmenje we bilim programmalaryny hödürleýär. Guramaçylar çäreleriň sanawyny ep-esli giňeldip, täze gatnaşyjylary özüne çekdiler. Sergi meýdançasy tematiki zolaklara bölünýär: kiber zona, kitap ýarmarkasy, döredijilik ussat synp zolagy. Şeýle hem bu çäre çagalaryň moda görkezişlerini, sport ýaryşlaryny we akyl arifmetiki olimpiadasynyň finalyny öz içine alýar.