Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
21.08.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Ýaşulular geňeşiniň guramaçylyk meselelerine garaldy we bu düzümiň ýerlerde alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşylyp, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda» hem-de «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda» Kararlara gol çekdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi