
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň baştutany Tamaş Şuýoka, Premýer-ministri Wiktor Orbana hem-de ýurduň ähli halkyna milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, dostlukly ýurdyň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Wengriýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.