
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa 16-njy awgustda Arkadag şäherinde boldy.Ol “Arkadag Medisina Klasteri” toplumynyň gurluşygynyň barşy, şeýle hem “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynda görkeziljek Arkadag lukmançylyk klasteriniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini beýan edýän diwarlyklaryň teklip edilýän şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Deryageldi Orazow Oguljahan Atabaýewa “Arkadag Medisina Klasteri” toplumynyň gurluşygy barada şekil taslamalarynyň üsti bilen maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň çäklerinde diňe bir durmuş ugurly desgalaryň däl, eýsem, döwrebap senagat toplumyny emele getirjek önümçilik kärhanalarynyň hem gurluşygy dowam edýär.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Arkadag şäherinde ekologik taýdan arassa, ýokary hil görkezijilerine doly laýyk gelýän çig mal binýady bolan iri lukmançylyk klasterini döretmek boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Munuň özi dürli ugurlara ýöriteleşen, ýerine ýetirýän işleri boýunça biri-biriniň üstüni ýetirýän hem-de özara baglanyşykly bolan lukmançylyk edaralarynyň toplumydyr.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Arkadag şäheriniň ähli desgalarynda bolşy ýaly, täze lukmançylyk klasterinde-de öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetini belledi. Munuň özi işleri kadaly ýola goýmaga, şol bir wagtda ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berer.
Soňra Atabaýewa bu ýerde kärhana tarapyndan öndürilmegi meýilleşdirilýän täze önümler barada maglumat berildi. Döwrebap şäherde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumyny döretmegiň maksatnamasynyň çäklerinde bu ýerde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy esaslandyryldy. Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtüklerini, başgaplary, halatlary, aýakgap örtüklerini we beýleki saglyk maksatly serişdeleri öndürmek ýola goýuldy. Kärhananyň öndürýän dürli görnüşli çaga iýmitleri ýokary hili we ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.
Gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa öndürilýän önümleriň ýokary hil derejesiniň ähmiýeti barada aýdyp, bu önümleriň çagalaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmeklerinde möhüm goşandynyň bardygyny belledi.
Soňra şu ýylyň 21 — 23-nji awgustynda paýtagtymyzda geçiriljek “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynda Arkadag lukmançylyk klasteriniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini giňden tanyşdyrmak maksady bilen birnäçe teklipler beýan edildi. Serginiň dowamynda lukmançylyk klasteriniň sergi diwarlygynyň, gaznanyň alyp barýan işi bilen tanyşdyrýan ýörite wideoşekilleriň görkezilmegi, bilim-terbiýeçilik ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, O.Atabaýewa sergi-ýarmarkada ýaýbaňlandyryljak diwarlygyň hem-de haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işiniň ýurdumyzda çagalaryň mynasyp durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini hem-de bu işleriň oňyn netijesini berýändigini belläp, geçiriljek çäreleriň çagalarda gyzyklanma döretmelidigine ünsi çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň, hususan-da, körpe nesliň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen tagallalarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaş nesilleriň erkana ýaşamaklary, döredijilik bilen meşgullanmaklary, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp, serginiň dowamynda ýaýbaňlandyryljak “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalar toparynyň çykyşlarynda Bitarap Watanymyzyň körpe nesilleriniň joşgunynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.
Şeýle-de ol “Enäniň saglygy — çaganyň saglygy” atly milli şygaryň iş ýüzünde many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny we onuň durmuşa geçirilmeginiň eneleriň saglygyny berkitmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendigini nygtady.