Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan bilen Russiýa Moskwada “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly bilelikdäki konsert guradylar
18.08.2025

P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda 15-nji awgustda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 80 ýyllygy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle hem 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly dabaraly türkmen-rus konserti geçirildi.

“Dostlary jemleýäris” atly XIX Halkara aýdym-saz festiwalynyň çäklerinde geçirilen aýdym-sazly dabara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň hem-de “Dutaryň owazy” gaznasynyň ýardam bermeginde “Dünýäniň saz medeniýetleri” ylmy-döredijilik merkezi tarapyndan guraldy. Taslamanyň awtory – Moskwanyň N.Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly türkmen nusgawy sazynyň her ýylky halkara festiwalynyň esaslandyryjysy we sungat müdiri, kompozitor Mamed Guseýnow.

Konsertde çykyş etmek üçin ussatlygy bilen dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan muşdaklary özüne maýyl eden türkmen sungat ussatlary Russiýanyň paýtagtyna geldiler.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýew özüniň gutlag sözünde Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni diplomatiýanyň parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň, belent maksatlaryň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň nyşany hökmünde nurana geljegiň hatyrasyna halklary özara birleşdirýändigini nygtady.

BMG-niň Moskwadaky Maglumat merkeziniň müdiri W.Kuznesow Birleşen Milletler Guramasynyň “umuman sungatyň we, hususan-da, aýdym-sazyň halklary birleşdirmäge, adamlary ruhlandyrmaga, reňk boýunça we syýasy päsgelçilikleri ýeňip geçmäge, kemsidilmelere garşy göreşmäge hem-de jedelleri çözmäge ukyplydygyna ynanýandygyny” belledi.

Dabaraly konsertiniň maksatnamasyna N.Halmämmedowyň, Ç.Nurymowyň, W.Bogdanow-Berezowskiýniň, A.Mosolowyň, M.Waýnbergiň, K.Wolkowyň, M.Guseýnowyň wokal we instrumental eserleri, şeýle hem türkmen we rus halk eserleri girizildi. Bilelikde ýerine ýetirilen ajaýyp aýdymlar we kompozisiýalar parahatçylyga, dost-doganlyga hem-de agzybirlige bagyşlandy. Tomaşaçylar ähli eserleri şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Konsert zalynyň eýwanynda kitaplaryň we suratkeşleriň eserleriniň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi