
Şeýle at bilen ,,Türkmengaz’’ döwlet konserniniň ,,Işçi iýmiti we hyzmatlar’’ müdirliginiň Gökdere jülgesindäki ,,Nesil’’, ,,Şöhle’’ çagalar dynç alyş merkezlerinde Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, ,,Türkmengaz’’ DK-nyň ,,Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar müdirligi, Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasy tarapyndan medeni, sport, döredijilik çäreleri geçirildi.
Merkezlerde ilki sport bäsleşiklerine giň orun berildi. Çagalar kiçi futbol, päsgelçilikden ylgap geçmek, küşt, şaşka boýunça özara bäsleşdiler. Ýaş aýratynlygyna görä, toparlara bölünen çagalar şol bir wagtda reňkli kagyzlardan gülleriň, baglaryň şekillerini ýasamak, tebigat gözelliginden surat çekmek boýunça öz ukybyny görkezdiler. Bu ýerdäki kitaphanalarda guralan çeper okaýyş boýunça geçirlen bäsleşiklerede hem çagalar höwes bilen çykyş etdiler.
Sport we döredijilik bäsleşikleriniň dowamy aýdym-saz çykyşlaryna ýazdy. Zehin başarnygy bilen tapawutlanýan oglanlar we gyzlar bagtyýar ýaşlygy, ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyny, şol sanda gözel Gökdere jülgesini şirin nagmalarda wasp etdiler. Çäreler toplumynyň barşynda bu ýerde dynç alýan gyzlaryň el işleri hem görkezildi.
Bäsleşikler we medeni çäreler tamamlanansoň ýeňijiler, zehini, başarnygy bilen saýlanan çagalaryň ählisine guramaçylar tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
,,Nebit-gaz’’.