
Ermenistanyň prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän birnäçe senagat we gurluşyk desgalaryna baryp gördi. Bu barada "Turkmenportal" onlaýn çeşmesi habar berdi.
Waagn Haçaturýan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna baryp gördi we toplumyň önümçilik zynjyry bilen - nebit önümçiliginden taýýar önümleriň çykarylyşyna çenli tanyşdy.
Şeýle hem Ermenistanyň prezidenti Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp gördi. Myhmana portda gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş işleri görkezdiler we deňiz portunyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler.