
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima çykyş etdi we geografiýanyň döwletleriň ykbalyny kesgitlemeli däldigini nygtady. Ol bu ýurtlaryň möhüm ägirt uly potensialynyň, çeşmeleriniň bardygyny aýtdy.
Rabab Fatima öz çykyşynda päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin hyzmatdaşlygyň, sanly we fiziki baglanyşygyň we ykdysady özgerişleriň möhümdigini aýtdy. Rabab Fatima 320-den gowrak taslamany öz içine alýan geljek on ýyl üçin strategiki meýilnama bolan Hereketleriň Awaza Maksatnamasynyň işe girizilendigini aýtdy.
Maksatnama üstaşyr erkinlige, howanyň üýtgemegine durnuklylyga we hususy pudagyň işjeň gatnaşmagyna aýratyn üns berýär.
Sözüniň ahyrynda Rabab Fatima halkara jemgyýetçiligini aýgytly çärelere çagyrdy.