Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan we Efiopiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler
05.08.2025

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri Alemu Sime Feýsanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ulag pudagyndaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Efiopiýa tarapy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň ýylyň başynda Addis Abeba amala aşyran saparynyň ähmiýetini belläp geçdi.

Duşuşykda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň ähmiýeti bellenildi.

Efiopiýa tarapy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Türkmenistanyň başlangyçlaryna gatnaşmaga islegini beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ähmiýeti nygtaldyS.

Duşuşygyň ahyrynda Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň guralmagy we myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi