Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan we Somali hyzmatdaşlygy giňeltmek niýetini beýan etdiler
05.08.2025

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Somali Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Isaak Mohamud Mursalyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary işjeň ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellenildi. Somali tarapy Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny goldaýar we ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidi üçin konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyr.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň halklaryň arasyndaky parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek ýaly ýokary ideallara iş ýüzünde ygrarlylygyny tassyklaýandygy nygtaldy.

Somali Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň (LLDC 3) aýratyn ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Hökümetiniň çäräni geçirmekdäki tagallalaryna ýokary baha berdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi