Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
05.08.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Türkmenbaşynyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman asylly däbe laýyklykda, duz-çörek bilen garşylanyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly ýurduň Baştutanyny mähirli mübärekläp, ony türkmen topragynda görýändigine örän şatdygyny aýtdy.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we kuwwatly ykdysadyýeti bolan Türkmenistanda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi hem-de dünýä ähmiýetli foruma gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň işiniň netijeli boljakdygyna, şeýle hem forumyň çäklerinde gazanyljak ylalaşyklaryň gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň durnukly ösmegine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany maslahatyň çäklerinde garaljak meseleleriň özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerledilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi