Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Baştutanyny ýurduň milli baýramy bilen gutlady
01.08.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zuttere ýurduň milli baýramy — Konfederasiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Karin Keller-Zuttere tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi